2025-nji ýylyň SkyPixel aerofoto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 08.04.2025 16:13
  • 3.1k+

SkyPixel saýty 10-njy ýyllyk aerofoto bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Şu ýyl bäsleşige dünýäniň dürli künjündäki gatnaşyjylardan 140 müň töweregi arza gelip gowuşdy.

Eminleriň düzümine belli fotosuratçylar we kinooperatorlar gatnaşdy, olar iň gowy suraty we iň gowy wideony saýlamalydy.
Wideo kategoriýasynda baş baýragy “Uruş – meniň özgerişlerimiň ýoly” gysga metražly film üçin Başir Abu Şakra aldy. Siz ony ýokarda görüp bilersiňiz.
Köp sanly haýran galdyryjy suratlaryň arasyndan eminler “Syrly şalyk” suratyny has gyzykly hasaplady: Gangerqia lakamly ulanyjynyň obýektiwine doňan howdanda yzlar zynjyryny galdyran gyzyl kelleli durna düşdi. Howdan şekili taýdan gözi ýada salýar.

Beýleki özüne çekiji işleriň arasynda şu aşakdakylar bar:

Wan Hanbin tarapyndan düşürilen gar erändän soňky köl tebigat bilen adamyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

Tebigy Aýbi kölüniň goraghanasynda suw kanallary, Sinszýan, Hytaý, Çžan Bo tarapyndan düşürilen.

Hindi obasynda yssydan halas bolýan gäwmiş, A.B.Gusaý.

Taýwandaky Sýuguluan derýasynyň aýagynda balyk tutmak, tkaquest lakamly fotosuratçy tarapyndan düşürilen.

Nýu-Ýork, Hemptonsyň kenarynda skatlar we menhedenler sürüsi, Joanna Staýdl.

Buzlugyň üstündäki deňiz gaplaňy, Aleksandr Walçew.

Suwdaky buldur, Su Ýunsi.

Sisiliýanyň günorta-gündogaryndaky dag gerişleri, QB.Pixels.

Buzly suwdaky adam, Fadah.

Türkiýe, Gaziantep welaýatynda bugdaýyň ýygnalyşy, Hanifi.
Ähli suratlar tebigata we adamlaryň durmuşyna bolan üýtgeşik garaýyşlar bilen tapawutlanýar. SkyPixel bäsleşigi nobatdaky gezek guş uçuşynyň belentliginden görlen dünýäniň köpdürlüligini we owadanlygyny görkezdi.
Beýleki suratlary we iň gowy wideolary SkyPixel saýtynda görüp bilersiňiz.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......