Amerikaly erkek adam oraşan düýşünden soň 1 mln dollar utdy

  • 08.04.2025 14:56
  • 9.1k+

Amerikaly Tommi M. «Powerball» lotereýasynyň ýeňijisi bolup, 1 million dollar gazandy. Onuň aýtmagyna görä, bu wakanyň öň ýany ol düýşünde baý bolandygyny görüpdir.

«Düýşümde baý bolýan ekenim. Şondan hem millioner boljagymy duýdum. Ine-de, düýşüm hakykata öwrüldi» — diýip, ol UPI bilen gürrüňdeşliginde aýtdy.

Bu wakanyň öňüsyrasy Tommi agyr ýitgini başdan geçiripdir – ejesi aradan çykypdyr, soň bolsa eý görýän itini ýitiripdir. Bu wakalar onuň ruhy ýagdaýyna agyr täsir edipdir.
Özüni millioner eden utuş biletini ol onlarça ýyllap lotereýa biletini satyn alyp gelýän şol bir dükanyndan alypdyr. Tommi gazanan pullarynyň bir bölegini dynç alşa sarp etjekdigini, galan bölegini bolsa pensiýa üçin ýygnamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.


29.05.2026 23:05
4.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.1k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......