Carlex kompaniýasy Mercedes G63-i söweşjeň uçaryň äheňinde işläp taýýarlady

  • 08.04.2025 13:34
  • 5.5k+

Carlex Design kompaniýasy «Mercedes-Benz G63-i» üýtgedip, Ikinji jahan urşunyň meşhur «P-51 Mustang» söweşjeň uçarynyň äheňinde taýýarlady diýip, «CarBuzz» neşiri habar berýär.

Bu model «Vintage SW-51» diýlip atlandyryldy. Onuň esasy aýratynlyklary – berkidilen metal kuzowy, ýalpyldawuk polirlenen elementleri, awiasion äheňdäki nyşanlary hem-de uçaryňky ýaly her tarapynda bäş sany, jemi on sany tüsse çykaryjy turbasynyň bolmagydyr.
Ilkinji nusga «The Emerald Racer» diýlip atlandyryldy. Onuň kuzowy ýaşyl reňkde bolup, hrom elementler bilen bezelen. Salony düýbünden täzeden taýýarlanylan – ýokary hilli goňur deri, ýaşyl zamşa, agaç bezegler we uglerod süýümli dekorasiýalar ulanylan. Howa çalşyk panelleri uçaryň perine meňzedilen, oturgyçlar bolsa doly awiasion äheňde taýýarlanylan.
Bu taslamanyň esasynda 577 at güýji bolan 4.0 litrlik V8 hereketlendirijili «Mercedes-AMG G63» ulanyldy, ulagyň ýerden beýikligi hem ýokarlandyryldy. Taslama «SW-51» uçarynyň replikalaryny öndürýän nemes awiastudiýasy ScaleWings bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Geljekde bu hatara başga-da täze wersiýalar goşular: «The Shadow Comet» we «The Crimson Phantom». Bahasy diňe ýörite sorag esasynda mälim edilýär, emma onuň bahasy, ähtimal, ýedi belgili san bolmaly.





20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....