ABŞ 1958-nji ýyldan bäri orbitada duran Vanguard 1 hemrasyny Ýere gaýtarmak isleýär

  • 07.04.2025 23:07
  • 5.5k+

Amerikan hünärmenleri orbitada iň köne emeli obýekt bolan Vanguard 1 hemrasyny Ýere yzyna gaýtarmak meýilnamasyny teklip etdi. 67 ýyl mundan ozal uçurylan enjamy kosmosda uzak wagtlap bolandan soň öwrenmek we kosmos eýýamynyň özboluşly eksponaty hökmünde saklap galmak isleýärler.

Amerikanyň Harby-deňiz gözleg barlaghanasy (NRL) tarapyndan döredilen Vanguard 1 hemrasy 1958-nji ýylyň 17-nji martynda, SSSR bilen ABŞ-nyň arasynda kosmos ýaryşynyň güýjän döwründe uçuryldy. Onuň signal iberijisiniň baryp 1964-nji ýylda işlemegini bes edendigine garamazdan, enjam yzarlanýar we ol planetamyzyň daşyndan aýlanmagyny dowam etdirýär.
Enjamyň agramy 1,46 kg bolup, 91 sm antennalar bilen 15 sm diametrli alýumin şaryň şekilindedir. Ol 660-dan 3822 km çenli belentlik bilen elliptik orbita boýunça hereket edýär we Gün batareýalarynda işleýän ilkinji hemra boldy.
Ony yzyna getirmek meýilnamasyny analitik Mett Billiň ýolbaşçylygynda Booz Allen Hamilton topary hödürledi. Ilkibaşda hemrany surata düşürmek, öwrenmek we häzirkizaman sensorlarynyň kömegi bilen onuň ýagdaýyna baha bermek gerek. Eger ol işe ýaramly bolsa, HKS-e, soňra Ýere getiriler.
Vanguard 1-iň yzyna getirilmegi kosmosda uzak wagtlap bolmagyň onuň Gün batareýalary, akkumulýatorlar, korpus ýaly materiallaryna we böleklerine ýetiren täsirini öwrenmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, missiýa orbitada obýektleri bir ýerden başga ýere geçirmek boýunça döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmäge kömek eder.
Häzirki wagtda missiýa jogap berýän bellibir kompaniýa ýok, ýöne Vanguard missiýasy edarasyny (VMA) döretmek teklip edildi. Maliýeleşdirme Jared Aýzekman ýa-da Jeff Bezos ýaly şahsy adamlar tarapyndan üpjün edilip bilner. 


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....