Dünýäniň iň çalt ýolagçy uçary 2025-nji ýylda asmana göteriler

  • 08.04.2025 13:50
  • 6.9k+

Kanadaly Bombardier kompaniýasy täze «Global 8000» biznes-jetini tanyşdyrdy. 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji gezek asmana göteriljek «Global 8000» uçarynyň dünýäniň iň çalt seriýaly biznes-jeti bolmagyna we örän uzak aralyga uçmagyna garaşylýar diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

«Global 8000» biznes-jeti sagatda 1152 kilometr tizlikde, 12,5 müň metr belentlikden uçmaga ukyply bolar. Uçuş aralygy bolsa 14 müň 816 kilometre ýeter.
Şeýle tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, bu uçar diňe 19 ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen, ýagny köpçülikleýin ulanmak üçin döredilen däldir.
Şeýle-de uçar ýokary derejede enjamlaşdyrylar: onuň içinde dört sany ýaşaýyş bölümi, iki sany hammam we uçaryň işgärleri üçin dynç alyş ýeri bolar. Esasy lýuks otagda bolsa düşek we goşmaça duş hem ýerleşdiriler.
Bombardier mundan ozal hem ýokary tizlikdäki uçarlary döretmek baradaky meýilnamalary bilen tanalýardy. «Global 8000» bu ugurdaky esasy taslamalarynyň biri bolar.

şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:40
1.3k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
2.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......