Xiaomi 76 dollardan Poco C71-i hödürledi: 5200 mA·s batareýa, 120 Gs ekran we 32 MP kamera

  • 07.04.2025 18:39
  • 6.1k+

Xiaomi Hindistanda täze örän arzan bahaly Poco C71 smartfonyny tanyşdyrdy. Täze model Samsung Galaxy M06 we Infinix Smart 9 HD ýaly arzan smartfonlara bäsdeş bolar diýip, «NotebookCheck» neşiri habar berýär.

Poco C71 modeli 6,88 dýuýmlyk HD+ durulygy, 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan IPS ekran, 32 MP esasy kamera we 8 MP öňdäki kamera bilen gelýär. Smartfon Unisoc T2750 Max prosessory esasynda işleýär hem-de 6 GB çenli operatiw ýat (RAM) we 128 GB içerki ýat bilen hödürlenýär.
Enjam Android 15 (Go Edition) operasion ulgamy bilen işleýär. Geljekde smartfon iki sany uly Android täzelenmesini alar, howpsuzlyk täzelenmeleri bolsa 4 ýyl dowam eder.
Arzan bahasyna garamazdan, Poco C71 IP52 gorag standarty bilen üpjün edilen. Batareýasynyň sygymy 5200 mA·sag bolup, 15 Wt zarýad berşi goldaýar. Enjam gapdal tarapda barmak yzy skaneri, adaty nauşnik giriş porty we LTE modemi bilen üpjün edilen. Galyňlygy 8,2 mm, agramy bolsa 193 gram.
Bahasy 6499 hindi rupiýasyndan (takmynan, 76 dollardan) başlaýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...