“Alrosa” Russianyň taryhynda iň uly göwheri görkezdi. Ony granlamak üçin iki ýyl gerek boldy

  • 07.04.2025 00:35
  • 7.3k+

“Alrosa” kompaniýasy Russiýanyň taryhynda iň uly göwheri granlamagy tamamlady. Gymmat bahaly daşyň ady "Täze Gün".

Granlanmazdan ozal, diýseň uly göwheriň agramy 200 karatdy. Ol Arktikanyň Ebel külke jynslar käninden gazylyp alyndy. Göwher altynsow reňki bilen tapawutlanýar.
Granlamak üçin zergärlere iki ýyldanam gowrak wagt gerek boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu işe 15 hünärmen gatnaşdy. Taýýar göwheriň agramy 100 karatdan geçdi.
“Alrosa” “Täze Güni” “soňky ýyllarda gymmat bahaly daşlar pudagynda bolup geçen iň möhüm wakalaryň biri” diýip atlandyrdy.
“Alrosa” göwher gazyp almagyň möçberleri we onuň ätiýaçlyklary boýunça dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biridir. Onuň esasy baýlyklary Saha Respublikasynda (Ýakutiýa) we Arhangelsk oblastynda ýerleşýär.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....