Volkswagen täze gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-a önümlerini ibermegini togtadýar

  • 06.04.2025 22:26
  • 4.9k+

Iri awtoulag konsernleri Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan täze söwda nyrhnamalary girizilenden soň, amerikan bazaryndaky işlerine täzeden garap başladylar. Ak tamyň baştutany ähli ýurtlardan gelýän hemme awtoulaglar üçin 25% gümrük töleg nyrhyny girizdi.

Şeýle gümrük nyrhlary kompaniýalara önümçiliklerini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özünde guraýmasalar, çäklendirmelere hötde gelmäge mümkinçilik bermeýär. Bu ýagdaý Ýewropanyň esasy awtoulag öndürijilerini strategiýalaryna täzeden garamaga mejbur edýär.
Volkswagen nemes awtoulag öndürijisi nyrhlar kesgitlenenden soň, Meksikadan ABŞ-a demir ýol arkaly iberilýän awtoulaglarynyň üpjünçiligini wagtlaýynça togtatdy we bu kompaniýa Ýewropadan deňiz arkaly gelýän awtoulaglaryny hem  portlarda saklar. Bu barada sebitdäki esasy hyzmatdaşlara we dilerlere iberilen resmi hata salgylanýan  Automotive News habar berýär.
Konserniň ýolbaşçylygy häzirki wagtda täze strategiýany işläp düzýär. Bahalar syýasatyna täzeden garamak zerur bolup biler.
Niderlandlarly Stellantis awtoulag öndürijisi Meksikadaky we Kanadadaky önümçilik kuwwatlarynyň işini doňdurýar. Kompaniýa ýagdaýy seljerýär we mundan beýläkki görülmeli çäreleri meýilleşdirýär. Şeýle hem, ozal Meksikany we Kanadany bölek şaýlar bilen üpjün edýän ABŞ-daky zawodlardan 900 töweregi işgäriň işden çykarylandygy habar berildi. Mersedes-Benz ABŞ-nyň bazaryndaky modelleriniň sanyny azaltmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýa has elýeter awtoulaglar nyrhlar sebäpli bäsdeşlik ukybyny ýitirip biler diýip hasaplaýar. Şol bir wagtyň özünde, bu konserniň ABŞ-da öz zawodlary bar we indi olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.


düýn 16:05
3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......