IKEA iki kilometrlik dükan gurar: onda «azaşmak mümkin däl»

  • 06.04.2025 21:34
  • 7.1k+

Şwesiýanyň IKEA söwda tory özüniň adaty gurluşyndan ýüz öwrüp, dükan meýilnamasynda täzeçe usuly synap görmäge karar berdi. Mebel we bezeg önümleri bilen doldurylan, adamlar üçin azaşmak mümkinçiligi ýokary bolan uly dükanlaryň deregine, kompaniýa ähli sergi zallaryny we ammarlary öz içine alýan, 2 kilometr uzynlykdaky dar we göni bina taslamasyny taýýarlady. Bu barada «Dezeen» neşiri habar berýär.

Täze taslama görä, uzyn we inçe dükan diňe bir gatdan ybarat bolar. Müşderiler dükanyň bir ujundan girip, göni ugur boýunça ähli sergi otaglarynyň, marketing bölüminiň, mebel hyzmat nokadynyň üstünden geçip, iň soňunda kassa ýetip bilerler. Binada ýörite trawolatorlar – tekiz eskalatorlar hem bolar, olar hereketi çaltlandyrar. IKEA-nyň meşhur iýmit zaly bolsa dükanyň merkezinde ýerleşer.
IKEA çylşyrymly dükanlary bilen tanalýar. Köp adam bu ýagdaýyň müşderileri dükanda uzak saklaýandygyny, olaryň hem wagtyň geçmegi bilen has köp zat satyn alýandygyny, munuň bolsa IKEA-nyň üstünlikli strategiýasynyň bir bölegidigini aýdýar. Emma golaýda kompaniýanyň dükanlarynyň birinde bir müşderi dükan ýapylanyndan soň azaşypdyr. Ol nirä gitjegini bilmän, oýunjak ýylanlaryň sebedine girip, işgärler gelýänçä şol ýerde garaşypdyr. Belki-de IKEA täze gurluşa şol sebäpden geçmek isleýändir?!
Iki kilometrlik dükan IKEA-nyň ilkinji täsin söwda nokady däl. 2024-nji ýylda şwed kompaniýasy Roblox oýnunyň içinde hem bir söwda nokadyny açypdy. Bu ýerde hakyky işgärler günde 8 sagatlyk iş bilen işe alnypdy we olara hakyky pul bilen hak tölenipdi.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......