Mercedes 2025-nji ýylyň täzelenen S-Class modelini hödürledi

  • 06.04.2025 22:06
  • 5.6k+

Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň täzelenen «S-Class» modelini hödürledi. Täze modelde şahsylaşdyrma mümkinçilikleri giňeldildi, multimediýa ulgamyna täzelenmeler girizildi we Drive Pilot awtopilot ulgamy kämilleşdirildi. Indi şertli awtonom sürüş ulgamy Germaniýanyň awtobanlarynda sagatda 95 km-e çenli tizlikde işläp bilýär.

Drive Pilot 35-den gowrak sensordan peýdalanýar, olaryň arasynda LiDAR hem bar. Ulgam dolandyryşy öz üstüne alyp bilýär, bu ýagdaýda sürüji başga iş bilen hem meşgullanyp biler. Zerur ýagdaýda, ulgam dolandyryşy sürüjä gaýtaryp berýär ýa-da howpsuz ýagdaýda saklanýar.


Täze «S-Class» modeliniň MBUX interfeýsi kämilleşdirildi, ChatGPT we Bing integrasiýasy arkaly gepleşik we gözleg mümkinçilikleri goşuldy. Şeýle hem Google tarapyndan hemra nawigasiýasy girizildi. Yzky oturgyçdaky ýolagçylar indi RIDEVU arkaly film görüp bilerler.
Kompaniýanyň metbugat gullugynyň beýannamasyna görä, Manufaktur maksatnamasy 50-den gowrak täze kuzow reňkini we 25 sany salon bezeg görnüşini hödürleýär. «Edition» atly ýörite görnüşine AMG elementleri we premium ses ulgamy goşuldy.


20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....