Täze nesil Hyundai Nexo tanyşdyryldy. Ol wodorod bilen 700 km ýol geçýär

  • 06.04.2025 21:28
  • 3.5k+

Hyundai Motor Günorta Koreýanyň Seul şäherindäki awtosergisinde wodorod ýangyç elementleri (FCEV) bilen işleýän täze nesil Nexo awtoulagyny tanyşdyrdy. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Ulag Steel Art diýlip atlandyrylýan täze dizaýn bilen bezelen – bu stil geçen ýylyň oktýabrynda tanyşdyrylan Initium konsept awtoulagyndan ylham alýar. Täze Nexo-da birinji nesildäki tegelegräk äheňden ýüz öwrülipdir. Öň tarapy dört nokatly LED yşyklar bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Salonynda iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran, 12 dýuýmlyk proýeksiýa displeýi, şeýle-de 14 sany dinamikaly B&O ses ulgamy bar. Şeýle-de kondisioner üçin aýratyn sensor dolandyryş paneli, iki sany telefon üçin simsiz zarýad beriji enjam we gapdaldaky yzky (bokowoý) aýnalaryň deregine ekranlar bilen üpjün edilen.


Täze Nexo 2,64 kWt·sag akkumulýator we wodorod ýangyç elementli batareýa bilen işleýär. Ol 201 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 7,8 sekuntda ýetýär.
Wodorod saklanýan bakynyň göwrümi 6,33 kg-dan 6,69 kg-a çenli artdyrylypdyr. Bu bolsa bir gezeklik zarýad bilen 700 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Baky wodorod bilen doldurmak üçin, 5 minutdan hem az wagt gerek.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....