Nintendo taryhdaky iň üstünlikli oýun konsollarynyň biriniň mirasdüşerini - «Switch 2-ni» çykarar

  • 05.04.2025 18:00
  • 1.9k+

2-nji aprelde Nintendo ýapon kompaniýasy täze oýun konsolyny – Switch 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň öňki nesli 150 milliondan gowrak satylyp, taryhdaky iň meşhur oýun konsollarynyň biri bolupdy. Ol diňe Nintendo DS we PlayStation 2-den yzda galdy.

Täze konsol 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda satuwa çykarylar. Nintendo resmi tanyşdyryş dabarasynda bahasyny mälim etmedi, ýöne «The Verge» neşiriniň habary görä, onuň ABŞ-daky bahasy 450 dollar bolar. Şeýle-de içinde Mario Kart World oýny hem bolan toplum 500 dollardan hödürlener.
Switch 2 öňküsi ýaly gibrid görnüşde bolar: ony hem göçme (portatiw) konsol hökmünde, hem-de telewizora birikdirip ulanyp bolar. Täze model 1080p durulykda we sekuntda 120 kadr tizlikde şekil görkezýär, HDR tehnologiýasyny hem goldaýar. Telewizora birikdirilende bolsa (öňküsi ýaly, ýörite dok-stansiýa arkaly), 4K durulykda we 60 kadr tizlikde oýun oýnamak mümkin bolar.
Täze konsolda 7,9 dýuýmlyk LCD ekran, telewizora birikdirilende 4K durulyk goldawy, 256 GB içerki ýat we iki sany USB-C porty bar. microSD Express kartalary maglumatlaryň has çalt geçirilişini üpjün eder.
Täzelenen joýkonlar magnit arkaly berkidilýär, bu bolsa olary aňsatlyk bilen aýryp-dakmaga mümkinçilik berýär. Olaryň birine sesli gepleşik üçin «C» düwmesi goşuldy, şeýle hem kontrolleri kompýuteriň syçanjygy hökmünde hem ulanyp bolýar.
Täze aýratynlyklaryň biri hem GameShare funksiýasydyr. Ol bir oýny ýerli režimde dört adama çenli bile oýnamaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik diňe oýunçylar biri-birine ýakyn bolanda işleýär. Şeýle-de munuň üçin oýunçylaryň ählisiniň Switch 2-ä geçmegi zerur däl – eger oýun öňki nesil konsoly goldaýan bolsa, ony paýlaşyp oýnamak hem mümkin.
Nintendo mundan başga-da Switch 2 Edition seriýasyny – meşhur oýunlaryň gowulandyrylan grafika we täze konsolyň mümkinçiliklerine laýyk getirilen görnüşlerini hem hödürledi.
Switch 2 satuwa çykanda, onuň üçin 20-den gowrak oýun elýeterli bolar. Olaryň arasynda Mario Kart World, Elden Ring Tarnished Edition, Street Fighter 6, Hogwarts Legacy we Hitman World of Assassination ýaly meşhur oýunlar bar. Şeýle-de Nintendo Switch Online abunalygyna GameCube konsolynyň oýunlaryny hem goşar.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......