Hyundai 13 müň dollardan ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täzelenen Venue modelini hödürledi

  • 05.04.2025 17:40
  • 6.3k+

Hyundai ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ykjam Venue awtoulagynyň 2025-nji ýylky modelini hödürledi. Täze modeliň bahasy Günorta Koreýada 19,26 million wondan (takmynan, 13,1 müň dollardan) başlaýar, bu bolsa ony öz synpyndaky iň elýeterli modelleriň birine öwürýär.

Venue täze «Smart» başlangyç enjamlaşdyrylyşy bilen çykdy. Ol ýyladyş funksiýaly deri bilen örtülen rul, hereketlendirijini işlediji düwme, akylly açar we doly awtomatiki kondisioner bilen enjamlaşdyrylýar.
Has gymmat «Premium» enjamlaşdyrylyşy indi adaty ýagdaýda birnäçe howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilýär. Oňa öň tarapdan urulmakdan goranyş ulgamy, kör nokat duýduryşy we uýgunlaşdyrylan kruiz-kontrol tehnologiýasy girýär. Iň ýokary enjamlaşdyrylyşly wersiýa bolsa «Flux» diýlip atlandyrylýar.




15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....