Tramp 5 mln dollara ABŞ-nyň raýatlygyna ýol açýan “altyn karty” görkezdi

  • 05.04.2025 13:22
  • 20k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp žurnalistlere barly daşary ýurtlulara Ştatlarda hemişelik ýaşamak hukugyny berýän we raýatlygy almak üçin ýol açýan “altyn karty” görkezdi. Kartyň bahasy 5 mln dollar diýip, AFP habar berýär.

Prezident plastik karty prezident uçarynda uçuş wagty KHBS-iň wekillerine görkezdi. Altyn reňkli kartda Trampyň portreti şekillendirilen hem-de The Trump Card ýazgysy bar.
Ak tamyň ýolbaşçysy bu programmanyň ýakyn hepdelerde işe başlajakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, ol şeýle kartyň ilkinji eýesi boldy.
Bu başlangyç barada Tramp ilkinji gezek 25-nji fewralda aýdypdy. Şol wagt ol programmanyň iki hepdeden başlajakdygyny belledi.
ABŞ-da häzir daşary ýurtly maýadarlara grin-kart almaga mümkinçilik berýän EB-5 programmasy hereket edýär. Munuň üçin bir mln dollar töweregi maýa goýmaly (ýa-da ykdysady taýdan pes zolaklarda 800 müň). Täze programma häzirkiniň üstüni ýetirermi ýa-da ony çalşyrarmy, bu barada administrasiýa anyk maglumat bermedi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......