Ýuwaş ummanynyň çuňluklaryndan ylma mälim bolmadyk mollýusklar tapyldy

  • 05.04.2025 13:15
  • 4.9k+

Rus we nemes alymlary Ýuwaş ummanynyň demirgazyk böleginden ozal ylma näbelli mollýusklary tapdylar. Bu barada Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Mollýusklar Bering deňzinde we Aleut çuňlugynda görüldi.

“Öwrenilen sebitde Axinulus jynsynyň üç görnüşini tapdyk, olaryň biri ylym üçin täze. Axinulus krylovae we Axinulus oliveri görnüşleri bolsa Ýuwaş ummanyň gündogar böleginde ilkinji gezek görüldi. Täze görnüş Axinulus pentagonalis sp. nov. hökmünde beýan edildi hem-de Bering deňzinde we  Aleut adalarynyň umman eňňitlerinde 3 646 – 4 630 m çuňlukda görüldi.

Bu görnüşiň tapawutly aýratynlygy liçinka çaňňalagynyň özboluşly heýkeltaraşlyk häsiýetiniň bolmagy " – diýip, A. V. Žirmunskiý adyndaky Milli deňiz biologiýasy ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Gennadiý Kamenew gürrüň berdi.
Aleut çuňlugy -  iň uzyn umman çukurydyr, onuň uzynlygy 4000 km we aňrybaş çuňlugy 7 822 m. Bu barlag 2022-nji ýylyň tomsunda Sonne nemes gämisinde AleutBio ekspedisiýasynyň çäginde geçirildi.
Barlagyň netijeleri Progress in Oceanography žurnalynda çap edildi.
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, Ýuwaş ummanyň demirgazyk-günbatar böleginde 3000 m-den gowrak çuňlukda köp sanly mollýuska ýaşaýar. Tapylan 82 görnüşiň 42-si anyklandy, galanlarynyň täze bolmagy ähtimal.
Derňew umman çuňluklarynyň çuňlukda ýaşaýan deňiz mollýuskalarynyň ýaýramagyna päsgelçilik bolup durmaýandygyny görkezdi. Rus hünärmenleri şeýle barlaglaryň bioresurslara baha bermekde we täsin ekoulgamlary goramakda möhümdigini bellediler.


11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
8.8k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.5k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......