«Real» Çempionlar ligasynda gazanan ýeňşi üçin rekord derejede €138,8 mln gazandy

  • 04.04.2025 21:59
  • 10k+

Geçen möwsümde Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan Madridiň «Realy» 138,8 mln ýewro girdeji gazandy. Bu barada Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) tarapyndan Belgradda (Serbiýa) geçirilen guramanyň kongressinde çap edilen maliýe hasabatynda mälim edildi.

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda geçirilen final duşuşygynda Madridiň «Realy» Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasaby bilen ýeňdi.
Baýrak puly hökmünde «Real» 2022/23 möwsüminiň çempiony bolan «Mançester Siti» bilen deňeşdirilende 4 mln ýewro köpräk gazandy. Bu girdejiniň hasabyna «patyşalyk kluby» taryhynda ilkinji gezek ýyllyk dolanyşygyny 1 mlrd ýewrodan geçirdi.
Girdeji boýunça ikinji orunda «Pari Sen-Žermen» (124,4 mln ýewro), üçünji orunda bolsa Dortmundyň «Borussiýasy» (120,7 mln ýewro) ýerleşdi. Ilkinji onluga şeýle-de «Bawariýa» (120,4 mln ýewro), «Mançester Siti» (110,4 mln ýewro), «Barselona» (98,4 mln ýewro), «Arsenal» (94 mln ýewro), «Atletiko» (93 mln ýewro), «Napoli» (70,1 mln ýewro) we «Inter» (66,3 mln ýewro) girýär.
Iň az gazanç eden toparlaryň arasynda «Antwerpen» (21,9 mln ýewro), «Srwena Zwezda» (26,5 mln ýewro) we «Union Berlin» (28,2 mln ýewro) bar.
Ýewropa ligasynda iň köp girdeji gazanan toparlar finala çykan «Baýer» (41,2 mln ýewro) we ýaryşyň çempiony bolan «Atalanta» (33,9 mln ýewro) boldy. UEFA-nyň şol möwsüm boýunça umumy girdejisi 6,8 mlrd ýewro bolup, şonuň 3,72 mlrd ýewrosy klublaýyn ýaryşlardan, 2,5 mlrd ýewrosy bolsa Germaniýada geçirilen Ýewro-2024-den gelip gowuşdy.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......