Hyundai wideooýunlaryň äheňinde Insteroid şoukaryny hödürledi

  • 04.04.2025 22:44
  • 4.9k+

Hyundai ýaryş wideooýunlaryndan ruhlanan Insteroid şoukaryny hödürledi. Awtomobil agressiw dizaýna we drift režimine eýe boldy diýip, Auto Bild habar berýär.

Insteroid ady Inster (Hyundai-yň täze ykjam krossoweri) we steroid sözlerinden ybarat bolup, modeliň sport aýratynlyklaryna yşarat edýär.
Ulag wirtual awtomobil ýaly görünýär: ol örän inli (2,04 m) bolup, uly howa ýygnaýjylar we tigir arkalarynda wentilýasiýa deşikleri bilen üpjün edilen. Deňeşdirmek üçin, ini 2 metrden gowrak bolan awtomobillere Bentley Continental GT we Aston Martin sportkarlary, şeýle-de Chevrolet Tahoe we Cadillac Escalade ýaly ýolsuz ýerden ýöreýan ulaglar girýär.
Yzynda uly spoýler we gaz çykarýan turbalara meňzeş yşyk diodlary oturdyldy.
Salon minimalistik bolup, berklik üçin turba çarçuwasyna eýe boldy. Interýer mämişi öwüşginler bilen ak-gara reňklerde ýerine ýetirildi. Panelde we gapylarda bezeg materiallary ýok, olar metaldan we plastikden ýasaldy.
Ulagyň tehniki aýratynlyklary häzirlikçe gizlin saklanýar, ýöne Insteroid-iň drift režiminiň we emeli ýaryş sesiniň bardygy belli. Ähtimal, Hyundai bu modeli çäkli tiraž bilen çykarar.
Şoukar Koreýada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde satylýan arzan Hyundai Inster elektrokrossowerine esaslanýar. 


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....