Samsung hojalyk tehnikalaryny has "akylly" edýär: pylesos we kir maşyn jaňlary alyp bilýär

  • 04.04.2025 16:27
  • 3.4k+

Samsung üýtgeşik mümkinçilikleri bolan hojalyk tehnikalaryny hödürledi: tozan sorujylar we kir ýuwujy maşynlar indi gelýän jaňlary alýar we holodilnik TikTok-y goldaýar. Elbetde, täze tehnikalaryň bahalary hem özüne laýyk.

Täze Bespoke AI Jet Ultra simsiz tozan sorujy (1099 dollar) batareýanyň zarýadyny, gelen jaňlary we sms-habarlary görkezýän LED ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Onuň kuwwaty 400 Wt we işleýiş wagty 100 minuda çenli.
Bespoke AI Laundry Combo kir ýuwujy-guradyjy maşyn (3099 dollar) 7 dýuýmlyk duýgur ekrany aldy. Şeýle hem, onuň üsti bilen jaňlary kabul edip, kir ýuwuşyny dolandyryp we ýuwujy serişdeleriň atymyny ölçäp bolýar. Ýuwup bolandan soň gapy awtomatiki açylýar.

Flagman Family Hub holodilnigi Samsung TV, TikTok we aşpezlik programmalary üçin goldaw aldy. Onuň 32 dýuýmlyk ekrany tagam taýýarlaýyş usullaryny gözlemäge we göni howurpeje gözükdirme ibermäge mümkinçilik berýär. Şeýle “düşbi” howurpeç eýýäm bar, kompaniýa Bespoke AI Oven-i 2023-nji ýylda hödürläpdi. Ol tagamyň bişiş prosesiniň wideolaryny ýazga alyp (pirogyň bişişini akyma ugradyp bolýar), Samsung Health bilen sinhronlaşyp, berhizler, kaloriýa we sagdyn iýmitlenmek boýunça maslahatlary berip bilýär.

Ähli enjamlar AI Home-e birleşip, SmartThings ulgamynyň üsti bilen işleýär. Bu enjamy sesiň bilen dolandyrmaga we habarnamalary almaga mümkinçilik berýär.
Täze önümiň kemçilikleri - ekrany bejertmegiň bahasy gymmat düşýär we SmartThings-e baglylygy bar.
Hünärmenler tehnologiýanyň amatlydygyny ykrar etseler-de, hojalyk tehnikasynyň we smartfonyň gibridiniň öýi bir uly mahabat tagtasyna öwürmeginden howatyrlanýarlar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...