Samsung arzan bahaly Galaxy Z Flip 7 FE modelini hödürlär

  • 04.04.2025 15:34
  • 4k+

Samsung 2025-nji ýylyň tomsunda Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş çäresini geçirer. Şol çärede täze nesil eplenýän smartfonlar – Galaxy Z Flip 7 we Galaxy Z Fold 7 hödürlener. Emma syzdyrylan maglumatlara görä, kompaniýa has elýeterli bahaly eplenýän smartfony – Galaxy Z Flip 7 FE modelini hem çykarmagy meýilleşdirýär.

FE (Fan Edition) – Samsung-yň smartfonlarynyň bir hatary bolup, olar flagman modellere garanyňda birneme ýönekeýräk wersiýa hökmünde hödürlenilýär. Mundan öň FE belgisi diňe S-seriýaly smartfonlarda ulanylýardy. Emma 2025-nji ýylda FE hataryna ilkinji eplenýän smartfon – Galaxy Z Flip 7 FE hem goşular.
Samsung Galaxy Z Flip 7 FE-niň ilkinji ýokary hilli şekil suratlaryny meşhur insaýder OnLeaks paýlaşdy. Onuň syzdyrylan maglumatlary köplenç tassyklanýar. Maglumatlara görä, elýeterli «flip» modeliniň ölçegleri 165,1 x 71,7 x 7,4 mm bolar. Bu ölçegler geçen ýylky Galaxy Z Flip 6-nyňky bilen deňdir.

Galaxy Z Flip 7 FE dizaýny boýunça Galaxy Z Flip 6-nyň nusgasy ýaly. Emma kameralary we prosessory has ýönekeýleşdirilen. Syzdyrylan maglumatlara görä, FE-modeli 4 nm Exynos 2400e çibi bilen işleýär. Galaxy Z Flip 6 modeli Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr.
Samsung Galaxy Z Flip 7 FE-niň (syzdyrylan) häsiýetnamasy:

  • Esasy ekran: 6,7 dýuým, Dynamic AMOLED, 2640x1080, 426 ppi, 120 Gs
  • Goşmaça ekran: 3,4 dýuým, Super AMOLED, 748x720, 120 Gs
  • Prosessor: Exynos 2400e
  • Ýat: 12/256 GB
  • Batareýa: 4000 mA·sag sygymly
  • Kameralar: esasy – 50 MP, giň burçly – 12 MP, öňdäki – 10 MP
  • Operasion ulgam: Android 15 esasly One UI 7

Galaxy Z Flip 7 FE-niň bahasy entek belli däl. Galaxy Z Flip 6 ABŞ-da 1099 dollardan satylýar. Elbetde, FE-modeli has arzan bolar. Çaklamalara görä, onuň bahasy 799 dollardan geçmez, ýöne bu maglumat heniz resmi taýdan tassyklanmady.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...