Smartfonlaryň ekranynyň berkligini we hilini ýokarlandyrjak ýakut daşy döredildi

  • 04.04.2025 15:27
  • 1.9k+

Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetiniň alymlary çyzylmalara çydamly, ýalpyldyny peseldýän we bugarmagyň öňüni alýan ýakut daşyndan nanogurluşlary işläp düzdüler. Bu açyş smartfonlaryň ekranynyň, optiki linzalaryň we awtoulaglaryň aýnalarynyň berkligini ep-esli ýokarlandyrar diýip, «SciTechDaily» ýazýar.

Ýakut daşy örän berk material, ýöne kiçi ölçeglerde işlemek kyn. Professor Çi-Hao Çanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary bu meseläni çözmek üçin, iň amatly galyňlygy we ölçegleri bolan nanogurluşlary işläp taýýarladylar. Netijede, materialyň tebigy berkligi saklandy we oňa täze aýratynlyklar berildi.
Täze gurluşlar ýagtylygyň geçişini gowulandyrýar, şeýle-de üýtgedilen görnüşi sebäpli, şöhläniň serpikdirilişini hem azaldýar. Mundan başga-da aýratyn geometriýasy ýakut daşyna supergidrofil häsiýet berýär, bu bolsa kondensasiýanyň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Bu tehnologiýa ýagtylygyň güýçli ýerlerinde smartfonlaryň ekranyny has aýdyň görmegi üpjün edip biler. Şeýle-de bu täzelik bugarmaýan linzalarda, şöhlelenmä garşy örtükli kameralarda hem ulanylyp bilner. Awtoulaglarda bolsa, ol hapalanmaga we döwülmäge has çydamly öňdäki aýnalar üçin ulanylar.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......