Günorta Koreýada QWERTY klawiaturaly we çekip çykarylýan kameraly smartfon görkezildi

  • 03.04.2025 21:12
  • 5.2k+

Günorta Koreýanyň Xeta startapy QWERTY klawiaturaly we çekip çykarylýan selfi kameraly üýtgeşik smartfony anons etdi. Xeta One atly smartfon şu aý satuwa çykar.

Xeta One 2020-nji ýylda LG tarapyndan hödürlenen iki ekranly eplenýän LG Wing smartfonyna esaslanýar. 2021-nji ýylda kompaniýa ykjam gurluşlary çykarmagyny bes edip, satylmadyk toplumlary galdyrdy. Xeta işläp düzüjileri bu gurluşlary satyn alyp, ony gaýtadan işledi: esasy ekran aýrylyp, onuň deregine Blackberry Classic-den QWERTY klawiaturasy oturdyldy.
Smartfonyň ýene bir aýratynlygy – 32 Mp çekip çykarylýan frontal kameradyr. Käbir öndürijiler şeýle mehanizmleri 2017-2019-njy ýyllarda ulandy, ýöne soň tagaşyksyzlygy sebäpli olardan ýüz öwrüldi.
Gibrid aşakdaky aýratynlyklara eýe boldy:

  • ·Ekran: 3,9 dýuým, OLED, 1240 × 1080, 60 Gs
  • ·Prosessor: Qualcomm Snapdragon 765G
  • ·Ýat: 8 GB operatiw, 128 Gb hemişelik, 2 TB çenli microSD
  • ·Batareýa: 4000 mA/sag, 25 Wt çalt zarýad beriş
  • ·Kameralar: 64 Mp esasy, 12 Mp giňburçly, 32 Mp frontal
  • ·Arabaglanyşyk: 5G, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.1, GPS
  • ·OS: Android 13

Xeta One smartfonynyň bahasy 1 200 000 wona (takmynan, 818 dollar) bolar. Günorta Koreýada kraudfanding kampaniýasy işe girizildi, ol öňünden sargyt etmäge mümkinçilik berýär.
Işläp düzüjiler bu smartfony “täzeden döretmek taslamasy” diýip atlandyrýar – ol köne telefonlary gaýtadan ulanmak üçin niýetlendi. 


27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....