Fram2 ekipažy polýar orbitasynda tejribelere başlady

  • 03.04.2025 21:05
  • 1.9k+

SpaceX kompaniýasy tarapyndan uçurylan Fram2 missiýasynyň ekipažy polýar orbitasynda ilkinji gününden ylmy gözleglere girişdi.  

Esasy gözlegleriň biri uçuşyň ilkinji sagatlarynda adamyň agramsyzlyga uýgunlaşmagyna bagyşlanýar. Astronawtlar kosmos gurşawynyň astronawtlaryň kognitiw başarnyklaryna nähili täsir edýändigini öwrenýär. Bu Marsa uçuş ýaly uzak missiýalara taýýarlanmak üçin möhümdir.
Fram2Ham taslamasynyň çäklerinde Berlinden we Ýewropanyň beýleki şäherlerinden radio söýüjiler ekipažyň agzasy Rabeýa Rogge bilen aragatnaşyk gurdy. Tejribe polýar orbitasynda radio aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini barlamak bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy we tehnologiýany wagyz etmek boýunça bilim maksatnamasynyň bir bölegi boldy.


Şeýle-de, astronawtlar Starlink ulgamynyň ilkinji synaglaryny geçirdi. Tehnologiýa Ýer bilen durnukly aragatnaşygy üpjün etdi, bu bolsa geljekki kosmos missiýalary üçin möhüm ädimdir. Mundan başga-da, uçuşyň ikinji gününde ekipaž bortdan täze wideo hödürledi.
Fram2 missiýasy 2025-nji ýylyň 31-nji martynda başlady we orbitada üç-bäş gün bolar. Ekipažly Crew Dragon gämisi taryhda ilkinji gezek Ýeriň polýar sebitlerinden uçup geçdi. SpaceX we Ilon Mask eýýäm orbitadan ilkinji wideolary hödürledi.


şu gün 13:48
2.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......