«Barselona» we «Real» 26-njy aprelde Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda duşuşar

  • 03.04.2025 08:15
  • 9k+

26-nji aprelde Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda “Barselona” bilen “Real” duşuşar. Oýun Sewilýadaky “La Kartuha” stadionynda geçiriler.

Ýarymfinalda Karlo Ançelottiniň topary “Real Sosýedady” (1:0, 4:4) ýeňip, finala çykdy, “Barselona” bolsa Hansi Flikiň ýolbaşçylygynda “Atletikony” (4:4, 1:0) ýeňip geçdi.
Şu möwsümde “Barselona” bilen “Real” iki gezek duşuşdy we iki duşuşykda-da katalon kluby ýeňiş gazandy. Ispaniýa çempionatynda “Barselona” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, Superkubogyň finalynda bolsa 5:2 hasaby bilen utupdy.
“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygyna çykmak boýunça rekordy täzeledi. Katalon kluby 43-nji gezek finala çykdy. Bu görkeziji babatda ol “Realdan” iki, “Atletik Bilbaodan” bolsa üç final köpdür. Katalon kluby bu Kubogy 31 gezek gazanypdy.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......