Aýallaryň eşidiş ukyby erkekleriňkiden has duýgur – barlag

  • 02.04.2025 17:57
  • 4.7k+

Alymlar aýallaryň eşidiş ukybynyň, erkekleriňkä garanyňda, has duýgurdygyny ýüze çykardylar. Bu barada «Scientific Reports» žurnaly habar berýär.

Barlag Fransiýanyň Tuluza şäherindäki Biodürlülik we daşky gurşaw barlag merkezinden doktor Patrisiýa Balareskiň hem-de Beýik Britaniýanyň Bat uniwersitetinden professor Turi Kingiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Barlagyň dowamynda 13 ýurtdan, şol sanda Ekwadordan, Angliýadan, Gabondan, Günorta Afrikadan we Özbegistandan jemi 450 adamyň eşidiş ukyby synagdan geçirildi.
Netijeler eşidişiň duýgurlygyna täsir edýän esasy faktoryň jynsdygyny görkezdi. Aýallaryň eşidişi, erkekleriňkä garanyňda, ortaça iki desibel has gowudy. Elbetde, ýaş hem belli bir derejede täsir edýär, ýöne köp däl. Mälim bolşy ýaly, eşidiş ukyby ýylsaýyn kem-kemden peselýär, şeýle-de sag gulak köplenç çep gulakdan has gowy eşidýär.
Eşidişiň duýgurlygyna täsir edýän ikinji möhüm faktor bolsa – daşky gurşawdyr. Tokaýlyk ýerlerde ýaşaýan adamlaryň eşidişi duýgur, daglyk sebitlerde ýaşaýan adamlaryňky bolsa pes bolýar.
Mundan başga-da, aýallar sözleri kabul etmäge degişli synaglarda erkeklerden has gowy netije gazandylar. Bu bolsa aýallaryň beýnisiniň ses maglumatlaryny has netijeli gaýtadan işleýändigini görkezýär.


11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
8.8k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.5k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......