Samsung ulanylan Galaxy S24-leri sertifikatlaşdyryp, 434 dollara çenli arzanlaşyk bilen gaýtadan satuwa çykardy

  • 02.04.2025 11:40
  • 6.6k+

Samsung kompaniýasy Günorta Koreýada «Galaxy Certified Used Phones» atly täze maksatnamany işe girizdi. Bu maksatnama boýunça kompaniýa barlaglardan geçen, öň ulanylan Galaxy smartfonlaryny sertifikatlaşdyryp elýeterli bahadan gaýtadan hödürleýär.

Kompaniýa mundan ozal «Re-newed» brendi bilen şeýle enjamlary satýardy, ýöne indi bu başlangyjy giňeldýär. Häzirki wagtda maksatnama diňe Galaxy S24 hataryny öz içine alýar, emma geljekde bu sanaw has-da giňeldilip bilner. Enjamlar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär we tiz wagtdan One UI 7 täzelenmesini alar.
Ähli smartfonlar doly barlagdan geçirilip, gowy ýagdaýda saklanylýar. Olaryň käbiri 7 günüň dowamynda yzyna gaýtarylan, hiç hili ulanylmadyk telefonlar. Şeýle-de diňe gutusy açylan, düýbünden täze modeller hem bar.
Şeýle smartfonlary satyn almak bilen, alyjylar 260 müňden 640 müň koreý wonuna (175-434 dollara) çenli pul tygşytlap bilerler.

Smartfonlaryň bahalary:

  • Galaxy S24 (256 GB) – takmynan, 604 dollar
  • Galaxy S24 (512 GB) – takmynan, 645 dollar
  • Galaxy S24+ (256 GB) – takmynan, 708 dollar
  • Galaxy S24+ (512 GB) – takmynan, 747 dollar
  • Galaxy S24 Ultra (256 GB) – takmynan, 888 dollar
  • Galaxy S24 Ultra (512 GB) – takmynan, 928 dollar
  • Galaxy S24 Ultra (1 TB) – takmynan, 1008 dollar

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...