Russiýada tokaýda taşlanan magdan käninden tonnalap sowet pullary tapyldy

  • 02.04.2025 10:29
  • 18k+

Rus blogeri Polina Reznik Wladimir oblastyndaky tokaýdan “tonnalap” sowet pullarynyň tapylandygyny habar berdi. Tapyndy barada sosial ulgamlara salgylanýan RBC ýazýar.

Bloger taşlanan ýerleri we adaty bolmadyk lokasiýalary öwrenýär. Syýahatlarynyň birinde ol köne raketa şahtalaryna duş geldi. SSSR dargandan soň şahtalar ýapylypdyr.

"Wagtyň geçmegi bilen, bir wagtlar gizlin bolan harby desgalar batgalyga öwrülipdir, emma bir gyzykly hakykat bolmadyk bolmasa, bu ýerler hiç haçan ünsümizi çekmezdi. Olarda milliardlarça sowet pullary saklanyp galypdyr!" – diýip, bloger ýazdy.

Onuň sözlerine görä, Russiýa täze pula geçenden soň, köne kagyz pullar şuňa meňzeş ulanyşdan galan şahtalara dulanypdyr. Pullar aşa köp bolansoň, olaryň bir bölegi ýokarda görnüp galypdyr.

“Emma ýeriň ýüzünde dargaşyp ýatan pullaryň daşyndan erteki ýaly görnüşi bar diýäýmeseň, başga hiç hili gymmatlygy ýok. Bu diňe millionlarça reňkli kagyzjyklar" – diýip, Reznik sözüniň üstüne goşdy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....