Žan-Mişel Baskiýanyň çeken suraty Gonkongda 14,5 million dollara satyldy

  • 02.04.2025 09:50
  • 2.2k+

Žan-Mişel Baskiýanyň “Sabado por la Noche” (“Şenbe gijesi”) kartinasy Gonkongda geçirilen auksionda 14,5 million dollara satyldy. Bu barada Christie’s auksion öýi habar berdi. Ol şu ýaz möwsüminde Aziýada satylan iň gymmat eser boldy.

"Bu ajaýyp eseri hödürlemek biziň üçin buýsançly waka boldy. Bu derejedäki eserler bazara çykanda, aziýaly kolleksionerler hemişe olara gyzyklanma bildirýärler" –diýip, auksion öýünde bellediler.

Baskiýa “Şenbe gijesini” 1984-nji ýylda döretdi. Kendiriň ýüzüne akril we ýagly pastel bilen çekilen bu kartina suratkeşiň döredijiliginiň giçki döwrüne degişlidir. Eserde Baskiýanyň döredijiligine mahsus häsiýetler bildirýär: ekspressiw stil, açyk reňkler, gödek çyzyklar, graffiti elementleri we afro-amerikan medeniýetiniň nyşanlary.
Şol bir wagtyň özünde bu eseri suratkeşiň iň gymmat kartinasy bilen hiç bir tarapdan deňeşdirip bolmaýar. Onuň 1982-nji ýylda çekilen “Atsyz” kartinasy Sotheby’s-yň Nýu-Ýorkdaky auksionynda 2017-nji ýylda 110,5 million dollara satyldy. Ony bir ýyl ondan öň Baskiýanyň eserini 57,3 million dollara satyn alan ýapon telekeçisi Ýusaku Maedzawa satyn aldy.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......