Eplenýän Google Pixel 10 Pro Fold smartfonynyň ilkinji renderleri peýda boldy

  • 02.04.2025 09:52
  • 1.8k+

Internet torunda eplenýän Google Pixel 10 Pro Fold smartfonynyň ilkinji renderleri peýda boldy. Syzma maglumatlara görä, kompaniýa dizaýnyň düýpgöter üýtgedilmegine däl-de, detallary kämilleşdirmäge üns beripdir. Ýöne bu Samsung we Honor bilen bäsleşmek üçin ýeterlik bolarmy diýen soragy ýüze çykýar.

Renderlerde gurluşyň formasyny we kamera üçin häsiýetli dizaýny saklandygy görünýär. Ýöne SIM karty üçin slot korpusyň ýokarky bölegine geçdi we bu korpusyň içinde üýtgeşmeleriň bolandygyny görkezip biler. Bu, öz gezeginde, uly akkumulýator ýa-da täze sowadyş ulgamy üçin ýer boşadyp biler.
Ýene bir aýratynlyk, çep gyradaky goşmaça oýulan ýerlerdir. Käbirleri munuň signaly gowulandyrýan täze antennalar bilen baglanyşyklydygyny çaklaýar, beýlekileriň pikiriçe, Google täze dolandyryş usulyny synagdan geçirýär.
Ilkinji Pixel Fold $1799 bahasy bilen hem täjirçilik taýdan şowsuz bolupdy. Ähtimal, kompaniýa täze Pixel 10 Pro Fold-y has elýeterli eder.
Tehniki aýratynlyklar barada maglumat az. Smartfonyň Tensor G4 prosessoryna we täzelenen kamera eýe bolmagyna garaşylýar. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....