Kembrij uniwersitetiniň sagadynyň dili 100 ýyldan soň yzyna gaýtaryldy

  • 01.04.2025 23:36
  • 6.7k+

Kembrij uniwersitetiniň sagadynyň dili tas bir asyrdan soň täzeden ýerine goýuldy. Ony talyplyk ýyllarynda ogurlan atasynyň ýerine, gyzy yzyna gaýtardy diýip, «The Guardian» neşiri  habar berýär.

1930-njy ýyllarda Jeffri Hanter Beýker dosty bilen bilelikde bu sagadyň dilini gijäniň ýarynda aýryp, alyp gidipdir. Olar ony kartondan ýasalan nusga bilen çalşyrypdyrlar. Şol wagtlar, ýagny 1934-1937-nji ýyllarda Jeffri Gonwil-end-Kiz kolležinde okaýan eken.
Sagadyň diliniň ýitendigi mälim bolansoň, uniwersitetiň ýolbaşçylary ony täzesi bilen çalşyrypdyrlar. Ýöne ony alanlaryň kimdigi näbelli bolup galypdyr. Jeffri 1999-njy ýylda 83 ýaşyndaka aradan çykýar. Ol aradan çykansoň, taýajyk gyzy Triksi Beýkere geçýär.
Yzyna gaýtarylyp berlen taýajyk, beýleki talyplaryň degişmeleriniň köp sanly subutnamalarynyň saklanýan arhiwine ýerleşdirildi.

«Talyplaryň degişmelerini öwrenmek – kolležiň uzak we öwüşginli taryhynyň bir bölegidir. Elbetde, biz talyplaryň beýle oýunlara gatnaşmagyny goldamaýarys, ýöne ýyllar geçensoň, hiç kime zyýan ýetirilmändigini, düzedip bolmajak zeperiň ýetmändigini, şeýle hem olaryň okuwyny tamamlandygyny bilmek meni begendirýär» — diýip, Kembrijiň arhiwçisi Jeýms Koks aýtdy.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......