Hereketlendirijiniň start-stop ulgamyndaky näsazlyk sebäpli Honda-nyň 2 million awtoulagy barlagdan geçirilýär

  • 01.04.2025 15:37
  • 4.6k+

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy edarasy (NHTSA) hereketlendirijini awtomatiki işledýän we togtadýan ulgamyň (start-stop) işindäki näsazlyk sebäpli Honda babatda derňew işine başlady. Umuman, ýapon kompaniýasynyň 2 milliondan gowrak ulagy barlanmaga degişli edildi.

Amerikan düzgünleşdirijisi köp sanly şikaýatlaryň gelmegi sebäpli barlaga başlady.
Ulag eýeleri boş ýöreýişde saklanandan soň, kämahal ulagyň gaýtadan otlanmaýandygyny habar berýärler. Olar daşarky güýç çeşmesini ýa-da gyssagly otlaýyşy ulanmaly bolýarlar.
1384 waka hasaba alyndy. Olaryň dördüsi ýol heläkçiligi, ikisi şikes ýetme bilen tamamlandy.
Bu mesele meşhur modellere - Pilot wnedorožnigine (2016-2025) we Ridgeline pikapyna (2020-2025) degişli boldy.
Honda 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda programma üpjünçiligini täzeledi, ýöne şonda-da şikaýatlar kesilmedi. Düzgünleşdirijiler kemçiligiň näderejede howpludygyny we kompaniýanyň näme etmelidigini anyklaýarlar.
Honda bu ýagdaýa entek düşündiriş bermedi, ýöne derňew millionlarça ulagyň yzyna çagyrylmagyna sebäp bolsa gerek. Bu kompaniýa üçin çynlakaý kynçylyk döreder, sebäbi bu modelleriň ABŞ-da her ýyl ýüzlerçe müňi satylýar.


05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......