12 dollara satyn alnan surat Renuaryň eseri bolup çykdy. Ony ýedi belgili baha satmakçy bolýarlar

  • 01.04.2025 12:40
  • 11k+

Gadymy zatlary toplaýjy edaranyň eýesi Haýdi Markou Montgomeri okrugynda geçirilen auksiondan bir aýalyň suraty çekilen kömür suraty satyn aldy. 17,5 x 16,5 ölçegdäki kartinanyň bahasy oňa bary-ýogy 12 dollara düşdi diýip, abcNEWS ýazýar.

Haýdi eseriň göwnünden turandygyny we adamsyndan ony satyn almagyny haýyş edipdir. "Munuň nämedigini bilemokdym, diňe göwnüm gitdi, bolany. Bu eser gözüme üýtgeşik göründi" - diýip, Markou gürrüň berdi.
Är-aýal alan zadyny gözden geçirenlerinden soň, suratyň ýüzünde çala saýgardýan goluň bardygyny gördi, şeýle hem çarçuwanyň ýokary hillidigine üns berdiler. Kagyz eseriň belli fransuz impressionist suratkeşi Pýer Ogýusta Renuaryňky bolmagynyň mümkindigini görkezýärdi.
Arka ýüzündäki möhürçe eseri ABŞ-a iri importçynyň getirendigine we kolleksionere satandygyna şaýatlyk edýärdi.

Zenan Sotheby’s auksion öýüne ýüz tutdy, ol hem ony bilermeniň ýanyna ugratdy.
Bahalandyryjy suraty gözden geçirdi we Markowy gymmatly tapyndysy bilen gutlady. Bu eser indi Wildenşteýn Plattner instituty tarapyndan öwrenilýär we hakykylygy tassyk bolsa, Markow ony "alty ýa-da ýedi belgili baha" satmakçy bolýar.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......