Internetde täze Samsung Galaxy Tab S10 FE we FE+ planşetleriniň häsiýetnamasy, renderleri we bahalary peýda boldy

  • 01.04.2025 12:20
  • 1.8k+

Internetde geljekki Samsung Galaxy Tab S10 FE we Tab S10 FE+ planşetleriniň häsiýetnamalary we renderleri ýaýrady. Maglumaty insaýder Mystery Lupin X platformasynda çap etdi.

Samsung bu maglumatlary tassyklamasa-da, syzylan maglumat täze enjamlaryň esasy görkezijilerine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Modelleriň arasyndaky esasy tapawut displeýiň ululygy we batareýanyň kuwwatydyr. Tab S10 FE 10,9 dýuýmlyk WUXGA LCD ekrany (90 Hz), Tab S10 FE + bolsa 13,1 dýuýmlyk WQXGA ekrany alar. Iki planşetde hem Exynos 1580 prosessor, 13MP esasy kamera, 120 gradus görüş burçy bolan 12MP öň kamera, S Pen goldawy we IP68 goragy bar.
Tab S10 FE-iň batareýasynyň kuwwaty 8000 mAh we Tab S10 FE +-yňky 10090 mAh bolar. 45W çalt zarýad bermegi goldaýar. 8 / 128GB we 12 / 256GB ýatly görnüşleri bar, ony 2TB-a çenli giňeldip bolýar.
Tab S10 FE-niň Ýewropada 579 ýewro (8 / 128GB) we 679 ýewro (12/256GB) bahasy bolar. 5G-li modelleri 100 ýewro gymmat bolar.
Tab S10 FE+ -yň esasy wersiýasy 749 ýewro, ýokarky konfigurasiýasy 849 ýewro bolar.
Renderler öňki syzdyrmalary tassyklaýarlar: planşetlerde simmetrik çarçuwalar, bir esasy kamera we sag gyrada düwmeler bolar.
Resmi taýdan yglan ediljek senesi entek belli däl.


23.03.2026 00:03
5.3k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...