Volkswagen Nýurburgring ýolunda adaty bolmadyk hetçbegi synagdan geçirýär

  • 31.03.2025 19:16
  • 3k+

Nýurburgring ýolunda Volkswagen Golf R-iň örtüksiz nusgasy göze ildi. Awtoulag ak kuzowy, ulaldylan klirensi we teker arkalarynyň gara giňeldijileri bilen ünsi özüne çekdi diýip, Motor1 ýazýar.

Kuzowdan güberip çykyp duran ýangyç lýugy aýratyn ünsi çekdi. Awtoulag Volkswagen-e degişlimi ýa-da täze komponentleri barlamak üçin Golf-yň platformasyny ulanýan başga potratça degişlimi, entek belli däl.
Mümkin bolan wersiýalaryň arasynda, Porsche 911 Dakar-yň we Lamborghini Huracan Sterrato mysalynda, Golf R-yň ralli ýa-da wnedorožnik modifikasiýasynyň işlenip taýýarlanmasy bar. Şeýle hem munuň transmissiýanyň ýa-da şassiniň täze elementleri üçin synag platformasy bolmagy mümkin.
Eger myş-myşlar dogry çyksa, Volkswagen 2025-nji ýylda adaty bolmadyk sport awtoulagyny hödürläp biler.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......