MrBeast “Kalmar oýnunyň” äheňinde ýazylan romanyň awtordaşy boldy

  • 31.03.2025 18:04
  • 3.8k+

YouTube blogeri MrBeast Aleks Kross baradaky kitaplar bilen tanalýan ýazyjy Jeýms Patterson bilen awtordaşlykda roman çykarar. Kitap Jimmi Donaldson lakamy bilen çap ediler diýip, Deadline habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, kitap “Kalmar oýnunyň” stiline meňzeýär. Awtorlar eýýäm ony ekranlaşdyrmak üçin hukuk satmak tekliplerini gözden geçirýär, şertnamanyň bahasy sekiz belgili mukdara ýetip biler.
Çeşmeleriň aýtmagyna görä, romanyň iş ady “The Most Dangerous Game” (“Iň howply oýun”) bolup, ol üýtgäp hem biler.
Kitabyň sýužeti ölüm howply oýnuň töwereginde ýaýbaňlanyp, oňa gatnaşyjylar ýeke-täk ýeňiji bolmak üçin bütin dünýäde howply synaglardan geçýär.
Jeýms Patterson bestseller bolan trillerleri, şol sanda “Ine-de, möý geldi” (И пришел паук) we “Meň adym Aleks Kross” (Меня зовут Алекс Кросс) romanlary bilen meşhurlyk gazandy. Onuň köp kitaplary ekranlaşdyryldy.
MrBeast taryhda iň meşhur YouTube blogeri bolmagynda galýar, onuň kanalyna 378 milliondan gowrak ulanyjy ýazyldy. Şu ýyl onuň “Beast Games” şüweleňi 25 günde 50 mln tomaşa ýygnap, Prime Video-nyň iň köp görülýän ssenarisiz taslamasy boldy. Şeýle-de, ol kazyýet şikaýatynyň merkezine öwrüldi – oňa gatnaşyjylar howplara we islenilmeýän hereketlere sezewar bolandygyny aýtdy. MrBeast bu aýyplamalary ret etdi.

şu gün 10:59
932

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 07:37
1.9k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
7.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......