Ledi Gaga “Mayhem” albomyny goldamak üçin konsert syýahatyna ugraýar

  • 31.03.2025 08:48
  • 1.6k+

Ledi Gaga “Mayhem” albomyny goldamak maksady bilen dünýä boýunça konsert syýahatyna ugraýar. Bu barada ol Instagram-da ýazdy.

Syýahat 16-njy we 18-nji iýulda Las-Wegasda geçiriljek iki konsert bilen başlar we noýabr aýynda Parižde tamamlanar. Aýdymçy ABŞ-nyň we Ýewropanyň 16 şäherinde çykyş eder.
Gaga çykyş etjek sahnasyna aýratyn üns berdi. Ol uly stadionlardan ýüz öwrüp, kamera zallaryny saýlady. Onuň aýtmagyna görä, bu “teatr we özüne çekiji” atmosferany döreder. Aýdymça ýakyn bolan çeşme şeýle sahnalaryň her bir çykyşy has özboluşly we tomaşaçylar üçin ýakyn etjekdigini belleýär.
Konsert syýahaty iki yklymyň esasy şäherlerini gurşap alar. Ledi Gaga muşdaklarynyň öz çykyşyndan aýratyn tejribe almagyny isleýär. Petek satuwy barada maglumat häzirlikçe ýok, ýöne konsertleriň geçiriljek şäherlerini we senelerini aýdymçynyň Instagram sahypasyndan görmek bolýar.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......