Kilowatt barreli gysyp çykarýar: global isleg nebitden gaýtadan dikeldilýän energiýa geçýär

  • 30.03.2025 20:09
  • 3.1k+

2024-nji ýylda dünýä derejesinde energiýa bolan isleg 2,2% ýokarlandy. Bu soňky on ýylda ortaça ýyllyk depginden (1,3%) ýokarydyr diýip, Halkara energetika agentliginiň (IEA) Global energetika maglumatynda aýdylýar.
Bir ýyl ozal ösüş 2% bolupdy diýip, "Kommersant" neşiri habar berýär.

Elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň (4,3%) artmagy we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň ösmegi ösüşiň esasy hereketlendirijisi boldy. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň umumy mukdary rekord 700 GWt (onuň takmynan 80%-i Gün energiýasy) boldy. Energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda nebitiň orny peselmegini dowam edýär.
Onuň artmagynda esasy goşant ösüşiň 80% -ini emele getirýän ösüp barýan ýurtlaryň paýyna düşýär.
Aýry-aýry ýurtlar boýunça aýdylanda, Hytaýda energiýanyň sarp edilişiniň 2,9% ýokarlanandygy has-da göze ilýär. Ösüşiň üçden iki bölegini Hytaý üpjün etdi: 340 GWt Gün we 80 GW ýel energiýasy. Şeýle-de bolsa, bir ýyl mundan ozal bu görkeziji iki esse ýokarydy.
Ykdysady taýdan dikelişiň netijesinde ösen ýurtlarda soňky ýyllarda ilkinji gezek islegiň ösüp başlandygy hem bellendi.
IEA elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň ýokarlanmagyny 2024-nji ýylda goýlan temperatura rekordlary, sowadyşa islegiň ýokarlanmagy, ulaglaryň elektrikleşdirilmegi we maglumat merkezleriniň ösmegi bilen baglanyşdyrýar.
Nebite bolan isleg 2023-nji ýylda 1,9% ösenden soň, bary-ýogy 0,8% ýokarlandy.Nebitiň ählumumy energiýa sarp edilişindäki paýy soňky 50 ýylda ilkinji gezek 30% -den aşak boldy. IEA muny elektrik ulaglarynyň satuwynyň ösüşi bilen baglanyşdyrýar - 17 million sany, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 25% köp.
Elektromobilleri öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän Hytaýda satuwlar takmynan 40%, ABŞ-da bolsa 10% ösdi.


27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.4k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...