TikTok-y dörediji Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy

  • 30.03.2025 18:43
  • 15k+

ByteDance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bloomberg Billionaires Index indeksine görä, onuň baýlygy 13,6 mlrd dollar artyp, 57,5 mlrd dollara ýetdi.

Imin Tencent Holdings kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Poni Madan we Nongfu Spring-iň ýolbaşçysy Çžun Şanşandan öňe geçdi. Olaryň baýlygy, degişlilikde 56,6 mlrd dollar we 54,1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar.
Aziýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda Çžan Imin üçünji orny eýeleýär. Ondan öňde 90,9 mlrd dollar bilen hindistanly işewür Mukeş Ambani we 72,3 mlrd dollar bilen Gautam Adani bar.
Çžan Iminiň baýlygynyň esasyny onuň ByteDance-däki 21% paýy düzýär – TikTok we Douyin wideoplatformalary hut bu kompaniýa degişlidir. ByteDance-iň 1 milliarddan gowrak ulanyjysy bar, 2023-nji ýylda girdeji bolsa 110 mlrd dollardan geçdi.
Çžan Imin 2012-nji ýylda Lýan Rubo bilen bilelikde ByteDance kompaniýasyny esaslandyrdy, kompaniýanyň ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýär. 2021-nji ýylda Çžan Imin baş direktor wezipesinden çekildi, soňra dolandyryş başlygy wezipesinden hem gitdi.
Hytaýda ByteDance emeli aň pudagynda öňdebaryjydyr. Oňa degişli bolan Doubao çat-botunyň 75 mln işjeň ulanyjysy bar. Kompaniýa şekil tanaýyş modeliniň pudak boýunça ortaçadan 85% arzandygyny we DeepSeek bilen deňleşip bilýändigini habar berýär.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....