Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3100 dollardan geçdi

  • 29.03.2025 12:27
  • 5.3k+

Anna güni altynyň bahasy ABŞ-daky nyrh syýasaty we global ykdysady durnuksyzlyk bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli täze rekord derejä ýetdi. Gymmat bahaly metalyň birža bahasy taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3100 dollardan geçdi diýip, Reuters agentligi ýazýar.

Iýun fýuçersleri 0,59% gymmatlap, iň ýokary derejesinde 3124 dollardan satyldy. Bir hepdede altyn 2% gymmatlady we yzygider dördünji hepdelik ösüşi görkezýär.
CNBC bilermenlere salgylanyp, altyn walýuta ätiýaçlyklaryny işjeň doldurmagyny dowam etdirýän merkezi banklaryň gymmat bahaly metala goşmaça isleg döredýändigini belleýär.
Analitikler baha ösüşini saklaýan faktorlaryň hatarynda nyrh bilen bagly dowam edýän dartgynlylygy, göterim goýumlarynyň peselmek ähtimallygyny we geosyýasy dawalary belleýär.
2-nji aprelde güýje girjek nyrhlar inflýasiýany güýçlendirip, ykdysady ösüşi gowşadyp, söwda çekeleşmelerini ýitileşdirip biler.

“Biz ABŞ-nyň syýasaty bilen bagly kesgitsizliklerden, söwda dartgynlylygyndan, dünýädäki harby çaknyşyklardan, inflýasiýa howatyrlanmalaryndan we makroykdysady durnuksyzlykdan peýdalanýan altynyň bahasy boýunça ösüş çaklamalarymyzy saklamagy dowam etdirýäris” – diýip, BMI-niň analitikleri belledi.

düýn 22:17
602

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.8k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.4k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....