Google aşa gyzýandygy sebäpli Pixel 9a-nyň çykarylyşyny gijikdirdi - PhoneArena

  • 29.03.2025 11:04
  • 1.8k+

Google Pixel 9a smartfonynyň satuwa çykarylyşyny gijikdirdi. Adatça, öňünden sargytlar smartfonyň tanyşdyrylyşyndan soň bada-bat açylýardy, ýöne bu gezek beýle bolmady. «PhoneArena» neşiri muny ençeme sebäpler bilen düşündirýär. Olaryň arasynda, esasanam, enjamyň, aýratyn-da kamerasynyň töwereginiň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly meseleler bar.

«PhoneArena» Tech Auntyji diýlip atlandyrylýan insaýdere salgylanýar. Ol anyk modeliň adyny agzamady, ýöne enjamyň aprelde, programma üpjünçiligi täzelenenden soň çykjakdygyny aýtdy. Neşir bu modeliň hut Pixel 9a-dygyny çaklaýar, sebäbi beýleki modelleriň çykarylyşy yza süýşürilmedi.
Şeýle hem Pixel 9a-nyň resmi taýdan yglan edilmezden ozal, käbir synçylaryň eline tötänleýin düşendigi habar berilýär. Olaryň biri bloger Sahil Karul bolup, ol enjamda synaglary geçirdi. Onuň netijelerine görä, Pixel 9a-nyň öndürijiligi iň ýokary derejesinden 61%-e çenli peseldi, bu bolsa smartfonyň gyzmagy bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny aňladyp biler.
Täze smartfonyň başlangyç bahasy 499 dollar bolar. Ol 6,3 dýuýmlyk OLED displeý, 8 GB operatiw ýat (RAM), 48 MP esasy kamera, 13 MP giňburçly kamera, 13 MP öňdäki kamera we 5100 mA·sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylýar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....