Jordan Terrell Karter aýdymlary bilen Billboard çartynda birbada 31 orny eýelän ilkinji repçi boldy

  • 29.03.2025 06:25
  • 1.9k+

Playboi Carti birbada 31 aýdymy bilen abraýly Billboard Hot 100 çartyna giren ilkinji repçi boldy. Çarta onuň täze “I Am Music” albomy durşuna, şeýle-de The Weeknd bilen bilelikdäki aýdymy “Timeless” girdi.

Mundan öň şeýle netijäni diňe pop aýdymçysy Teýlor Swift we kantri ýerine ýetirijisi Morgan Uollen gazanypdy.
Swift iki gezek çartda 30-dan gowrak orny eýeledi: “The Tortured Poets Department” albomy çykandan soň, 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda 32 orun we bir hepde soň 31 orun. Uollen 2023-nji ýylda rekord goýdy, şonda “One Thing at a Time” albomynyň netijesinde onuň bir wagtyň özünde 36 aýdymy çarta girdi.
Carti-den öň repçileriň arasynda rekord Dreýke degişlidi: onuň “Scorpion” albomyndan 27 aýdym 2018-nji ýylda çarta bir wagtyň özünde goşuldy.
“I am Music” albomy 2-nji setirde “Evil J0rdan” aýdymy bilen açyldy, The Weeknd bilen bilelikdäki aýdym 4-nji orny, Kendrik Lamar bilen “Good Credit” bolsa 17-nji orny eýeledi. Iň soňky, “Walk” aýdymy 96-njy orunda ýerleşdi.
Mundan başga-da, “I Am Music” 14-nji martda Spotify-yň rekordyny täzeledi, ol bir günde 2025-nji ýylyň iň köp diňlenen albomy boldy.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......