Nýu-Ýorkly mekdep okuwçysy möhüm açyş etdi: ol gara girdabyň ýagtylygynyň ehosyny ýüze çykardy

  • 28.03.2025 15:30
  • 6.2k+

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Dalton mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Julian Şapiro adaty bolmadyk açyş etdi. Ol gara girdapdan galan ýagtylygyň ahyrky şöhlelenmesini – ýagtylygyň ehosyny ýüze çykardy. Bu ýagtylyk gazly bulutlaryň arasynda görünýär diýip, «Live Science» habar berýär.

17 ýaşly Şapiro astronomiýa bilen gyzyklanýar. Ol birnäçe ylmy konferensiýalara gatnaşypdyr, hatda Amerikanyň astronomiýa jemgyýetiniň ýygnagynda hem çykyş edipdir. Ol Çilidäki Cerro-Tololo obserwatoriýasynyň Dark Energy kamerasy bilen düşürilen suratlary öwrenýän mahaly, geň bir zada gabat gelýär: suratlarda täsin ýagtylyk bardy. Emma bu ýagtylyk ne supernowalaryň galyndylaryna, ne-de planetar dumanlyklara meňzeýärdi.
Şapiro Günorta Afrikanyň Uly teleskopynyň maglumatlaryna esaslanyp, şol sebitde kislorodyň we ionlaşan kükürdiň bardygyny anyklady. Ýüze çykarylan elementler güýçli zarba tolkunlarynyň bardygyny görkezýärdi, bular bolsa gara girdabyň ýagtylygynyň ehosynyň alamatlary bolup durýardy. Şapironyň çaklamalaryna görä, bu jisimiň diametri 150 müň-250 müň ýagtylyk ýyly aralygynda bolmaly. Bu Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan 1,5-2 esse uly diýmegi aňladýar.

Şapiro bu açyşy mundan beýläk-de jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýär.

«Bu ugurda iş alyp barmak meniň üçin garaşylmadyk zat boldy, emma men, bu jisimiň galaktikalarda bolup geçýän hadysalar baradaky düşünjämizi giňeltmek üçin kömek etjekdigini umyt bildirýärin, sebäbi biz bu barada entek köp zat bilemzok» — diýip, ol belleýär.

Bu açyş taryhdaky iň uly ýagtylyk ehosy bolup biler.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....