Hindi obasynda bir it çagalary ölüm howply kepjebaşdan gorap, özi heläk bolupdyr

  • 28.03.2025 00:28
  • 18k+

Hindistanyň Kettaýýa obasynda Bhima lakamly pitbul tohumly güjük çagalary we işçileri kepjebaşdan halas edip, özi heläk bolupdyr. Gaýduwsyz it baradaky wakany Deccan Herald neşiri gürrüň berdi.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, uzynlygy 3,6 metrden gowrak bolan kepjebaş çagalaryň oýnap ýören öýüne golaýlapdyr. Ol kokos agajynyň ýanynda gizlenipdir. Ýylany ilki bilen itler görüpdir. Bhimanyň eýesi Şamant şeýle hem doberman tohumly yzçy itini hem  saklaýan eken. Itleriň ikisi-de üýrüp başlapdyr we dessine howply süýrenijiniň daşyny gabapdyr.
Garpyşyk, takmynan, 15 minut dowam edipdir. Netijede itler kepjebaşy parçalapdyrlar. Emma mundan öň ýylan Bhimanyň tumşugyndan dişläp ýetişen eken. It heläk bolupdyr.
Şamant we onuň maşgalasy itini ýitirenlerine gynanýarlar. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, çagalar we işçiler diňe itleriň hüşgärligi netijesinde diri galypdyrlar.
Şa kepjebaşy dünýäde iň zäherli ýylanlaryň biri hasaplanýar. Onuň ýeke gezek dişlemegi pili ýa-da 20 adamy heläklemek üçin ýeterlikdir. Zäher beýniniň dem alyş merkezine täsir edip, ýürek ýetmezçiligine we dem alyş ýollarynyň tutulmagyna sebäp bolýar.  Bu ýylanlar 5,5 metre çenli ösýär. Olar bedeniniň üçden bir bölegini ýerden galdyryp, hüjüme geçmezden ozal, ör boýuna galyp duran adamyň gözüniň  deňinde diýen ýaly durup bilýärler.
Bu ýylanlar adatça gorkak bolýar we adamlardan gaça durmaga çalyşýarlar.


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...