TikTok-yň marketing we mahabat bölüminiň başlygy kompaniýadan gidýär

  • 27.03.2025 14:16
  • 4.5k+

TikTok-yň global işewürlik çözgütleri bölüminiň başlygy Bleýk Çendli kompaniýany terk edýär diýip, Adweek habar berýär. Bu TikTok-yň 2025-nji ýylyň başyndan bäri işden giden top-menejerleriniň azyndan sekizinjisidir diýip, The Information belleýär.

Bleýk Çendli TikTok-da 2019-njy ýyldan bäri işleýär hem-de global mahabat satuwyna we marketinge jogap berýär. Ol 1-nji aprelden wezipesinden aýrylar, ýöne kompaniýanyň geňeşçisi bolup galar.
Onuň gitmegi kompaniýada dowam edýän üýtgedip gurmalar bilen baglanyşykly. Global işewürlik çözgütleri topary monetizasiýa önümlerini işläp taýýarlamak  bölümi bilen birleşdiriler. Bu topara Uill Lýu ýolbaşçylyk edýär – ol birleşdirilen bölümiň başlygy bolar.
Çandli TikTok-y ABŞ-da gadagan edilmekden goran möhüm şahsyýetleriň biridi. 2024-nji ýylyň aprelinde prezident Jo Baýden eger sosial ulgamyň eýesi ByteDance hytaý kompaniýasy 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli TikTok-y ABŞ-a satmasa, sosial ulgamy petiklemek baradaky kanuna gol çekdi. Täze prezident Donald Tramp bu gadaganlygy ýatyrdy. Indi geleşik 5-nji aprele çenli  tamamlanmaly. ABŞ-nyň prezidentiniň administrasiýasy birbada birnäçe potensial alyjy bilen gepleşikleri alyp barýar.


01.09.2025 14:18
3.9k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...

19.06.2025 09:53
9k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

03.04.2025 13:46
8.2k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...

30.03.2025 18:43
15k+

TikTok-y dörediji Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy

ByteDance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bloomberg Billionaires Index indeksine görä, onuň baýlygy 13,6 mlrd dollar artyp, 57,5 mlrd dollara ýetdi. Imin Tencent Holdings kompaniýasynyň...