Volkswagen Talagon 2025 hödürlendi: täze dizaýn, täze nesil hereketlendiriji we R-Line görnüşi

  • 27.03.2025 13:57
  • 2.4k+

FAW-Volkswagen kompaniýasy ýakyn wagtda ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täzelenen «Talagon» modeliniň çykjakdygyny mälim etdi diýip, «ITHome» habar berýär.

Täze modeliň resmi tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň aprel aýynda bolar. Esasy üýtgeşmeler ulagyň daşky görnüşine we interýerine degişli. Ol bäşinji nesil 2,0 litrlik EA888 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan.
Dizaýnda göze ilýän täzelikler bar: ulaga täze faralar bilen ýapyk radiator gözenegi oturdylan. «Talagon» iki görnüşde hödürlener – standart görnüşde we R-Line sport görnüşinde. Ulag adaty gapy tutawaçlaryny saklap galýar. Yzynda tutuşlygyna birleşdirilen yzky yşyklar oturdylan. Öňki modellerdäki goşa turba görnüşindäki dekoratiw tüsse çykaryjy elementler aýrylan.
Täzelenen «Talagon-yň» ölçegleri 5143 х 2002 х 1792 mm, teker bazasy bolsa – 2980 mm. Has güýçli görnüşiniň ölçegleri barada entek resmi maglumat berilmedi.
Bäşinji nesil 2,0 litrlik EA888 hereketlendirijisi esasy görnüş üçin iň ýokary kuwwaty 157 kWt (213 a.g.) we ýokary görnüşi üçin iň ýokary kuwwaty 200 kWt (272 a.g.) bolan iki wersiýada hödürlener.


düýn 09:33
6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......