Alymlar tutuş internetiň agramyny hasapladylar: 53 kwadrillion gram ýa-da 960 kg DNK

  • 26.03.2025 14:46
  • 7.8k+

Alymlar internetdäki maglumatlaryň umumy agramyny hasaplamak üçin ýene bir gezek synanyşdylar. 2006-njy ýylda fizik Rassel Saýts serwerleriň işlemegi üçin sarp edilýän energiýadan ugur alyp, internetiň umumy agramyny 50 gram diýip kesgitläpdi – bu bolsa, takmynan, iki sany ýertudananyň agramyna deň. Şol döwürde «Discover» žurnaly bolsa, başga bir usuly teklip edip, maglumatlaryň geçirilmegi üçin ulanylýan elektronlaryň massasyny hasaplap, internetiň agramyny gramyň 5 milliondan bir bölegi diýip kesgitläpdi.

Emma häzirki zaman hasaplamalary başga netijeleri görkezýär. «Wired» tarapyndan geçirilen barlaglara görä, NEC Laboratories America-dan alym Kristofer Uaýt internetdäki maglumatlaryň (175 zettabaýt ýa-da 1,65×1024 bit) bir serwerde şifrlenmegi üçin zerur bolan energiýany esas alyp hasaplama geçirdi. Alymlar bu usuly iň takyk ölçeg diýip kesgitlediler. Albert Eýnşteýniň meşhur E=mc² formulasyny ulanyp, Kristofer Uaýt internetiň umumy agramyny bary-ýogy 5,32×10-14 gram, ýagny 53 kwadrillion gram diýip hasaplady.
Beýleki bir alternatiw usul bolsa, maglumatlary DNK ekwiwalentine öwürmekden ybarat. Bir gram DNK 215 petabaýt maglumat saklap bilýär. 175 zettabaýt maglumat üçin bolsa, 960 müň 947 gram (960 kg) DNK gerek bolýar. Bu bolsa 64 müň sany ýertudananyň agramyna ýa-da Tesla Cybertruck-yň agramynyň üçden birine deňdir.
Uaýt internete «akyl ýetirmegiň» çylşyrymlydygyny, emma şeýle hasaplamalaryň onuň ägirt uly göwrümini göz öňüne getirmäge kömek edýändigini belläp geçdi.

şu gün 00:18
261

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....