Alymlar tutuş internetiň agramyny hasapladylar: 53 kwadrillion gram ýa-da 960 kg DNK

  • 26.03.2025 14:46
  • 7.1k+

Alymlar internetdäki maglumatlaryň umumy agramyny hasaplamak üçin ýene bir gezek synanyşdylar. 2006-njy ýylda fizik Rassel Saýts serwerleriň işlemegi üçin sarp edilýän energiýadan ugur alyp, internetiň umumy agramyny 50 gram diýip kesgitläpdi – bu bolsa, takmynan, iki sany ýertudananyň agramyna deň. Şol döwürde «Discover» žurnaly bolsa, başga bir usuly teklip edip, maglumatlaryň geçirilmegi üçin ulanylýan elektronlaryň massasyny hasaplap, internetiň agramyny gramyň 5 milliondan bir bölegi diýip kesgitläpdi.

Emma häzirki zaman hasaplamalary başga netijeleri görkezýär. «Wired» tarapyndan geçirilen barlaglara görä, NEC Laboratories America-dan alym Kristofer Uaýt internetdäki maglumatlaryň (175 zettabaýt ýa-da 1,65×1024 bit) bir serwerde şifrlenmegi üçin zerur bolan energiýany esas alyp hasaplama geçirdi. Alymlar bu usuly iň takyk ölçeg diýip kesgitlediler. Albert Eýnşteýniň meşhur E=mc² formulasyny ulanyp, Kristofer Uaýt internetiň umumy agramyny bary-ýogy 5,32×10-14 gram, ýagny 53 kwadrillion gram diýip hasaplady.
Beýleki bir alternatiw usul bolsa, maglumatlary DNK ekwiwalentine öwürmekden ybarat. Bir gram DNK 215 petabaýt maglumat saklap bilýär. 175 zettabaýt maglumat üçin bolsa, 960 müň 947 gram (960 kg) DNK gerek bolýar. Bu bolsa 64 müň sany ýertudananyň agramyna ýa-da Tesla Cybertruck-yň agramynyň üçden birine deňdir.
Uaýt internete «akyl ýetirmegiň» çylşyrymlydygyny, emma şeýle hasaplamalaryň onuň ägirt uly göwrümini göz öňüne getirmäge kömek edýändigini belläp geçdi.

şu gün 12:01
979

Kembrijde patyşa Artur hakyndaky orta asyra degişli seýrek golýazmany okamak başartdy

Kembrij uniwersitetiniň barlagçylary 2019-njy ýylda uniwersitetiň kitaphanasyndan tapylan orta asyr golýazmasynyň bir böleginiň manysyny açdylar. Ol Hantingfild mülkünden alnan XVI asyra degişli resminamalaryň...

şu gün 05:35
2.5k+

Alymlar sakgyç çeýnelende näçe mukdarda mikroplastik ýuwudylýandygyny anykladylar

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary adamyň tebigy ýa-da sintetiki sakgyjy çeýneýän wagty näçe mikroplastik ýuwudýandygyny anykladylar. Mundan ozal hünärmenler adamyň suw we iýmit arkaly hepdede...

düýn 15:41
9.8k+

Marsdan ýaşy 3,7 milliard ýyl bolan iň uzyn organiki zynjyrlary tapyldy

Marsda owal-ahyr gyzyl planetadan tapylan iň uzyn organiki zynjyrlar tapyldy. Olaryň ýaşy 3,7 milliard ýyl. Bu barlag Fransiýanyň Milli ylmy-barlaglar merkeziniň (CNRS) hünärmenleri tarapyndan ABŞ-ly, meksikaly...

düýn 15:30
4.7k+

Nýu-Ýorkly mekdep okuwçysy möhüm açyş etdi: ol gara girdabyň ýagtylygynyň ehosyny ýüze çykardy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Dalton mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Julian Şapiro adaty bolmadyk açyş etdi. Ol gara girdapdan galan ýagtylygyň ahyrky şöhlelenmesini – ýagtylygyň ehosyny ýüze çykardy. Bu ýagtylyk...