Milliarderler üçin ulaglar: Uçardan arzan bolmadyk awtoulaglaryň 10-lygy

  • 24.03.2025 12:00
  • 15k+

Awtoulaglar köpden bäri diňe bir ulag serişdesi bolmagyny bes etdi. Käbir adamlar üçin olar indi status nyşany, döredilen ajaýyp nusga we ş.m. bolup çykyş edýär.
Aşakdaky reýtingde diňe bir dizaýny bilen däl, eýsem bahasy bilen haýran galdyrýan ulaglar jemlendi. Olaryň bahasy şahsy uçarlar bilen deňleşip bilýär.

Aston Martin Valkyrie
Aston Martin Valkyrie “Formula-1-iň” tehnologiýalaryna esaslanýar. Hereketlendiriji – 1000 at güýjüni (a.g.) berýän 6,5 litrlik V12 Cosworth, goşmaça 160 a.g. gibrid ulgamy bar. Tizligini 100 km/sag çenli 2,5 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi – 400 km/sag-dan gowrak. 3,2 mln dollar baha bilen 150 nusga çykarmak meýilleşdirilýär.

Lykan HyperSport
W Motors-dan Lykan HyperSport – ilkinji arap giperkary. Onuň 3,7 litrlik RUF hereketlendirijisi 780 at güýjüni berýär, tizligini 100 km/sag çenli 2,8 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi sagatda 395 km barabar. Bu “Forsaž-7-niň” ýyldyzy. Ýörite film üçin bu ulagdan 10 sanysy döredildi, şolardan 9-ysy filmiň düşürilişinde döwüldi. Hatda “abat galan” nusga hem zelelsiz galmady: onuň kuzowynda sypjyryklar bar, aýnalar döwlen, salonda bolsa multimedia toplumy we enjam paneli ýok. 2014 – 2017-nji ýyllar aralygynda W Motors müşderilere gowşan wersiýadan has az – bary-ýogy ýedi nusga çykardy we olaryň her biri 3,4 mln dollara satyldy.

Pagani Huayra Roadster BC
Pagani Huayra Roadster BC ulagynyň agramy uglerod süýüminden we titandan ýasalan Triax materialynyň netijesinde bary-ýogy 1250 kg barabar. Hereketlendiriji – 7 basgançakly Xtrac gutusy bilen 800 at güýjüni berýän 6,0 litrlik V12 AMG. 3,5 mln dollar baha bilen 40 ulag çykaryldy.

Lamborghini Veneno
Awtoulag 2013-nji ýylda brendiň 50 ýyllygy mynasybetli çykaryldy. Onuň hereketlendirijisi 750 at güýjüni berýän 6,5 litrlik V12 bolup, 2,8 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar. Jemi 14 nusga çykaryldy we olaryň her biriniň bahasy 4,5 mln dollara barabar.

Koenigsegg CCXR Trevita
Koenigsegg CCXR Trevita şwed ulagy almaz bilen örtülen özboluşly karbon kuzowy bilen göze ilýär. Önümçiligiň kyn bolmagy sebäpli bary-ýogy iki nusga çykaryldy. Hereketlendiriji – 1014 at güýjündäki 4,8 litrlik V8, 100 km/sag çenli tizligi artdyrma – 2,8 sekunt, iň ýokary tizlik – 400 km/sag. Kärendesine alasyňyz gelýärmi? Aýda 24 000 dollar beriň.

Bugatti Divo
Bugatti Divo 1500 at güýjüni berýän W16 bilen enjamlaşdyryldy. Ol 2,4 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 380 km ýetýär. 5,8 mln dollar bilen 40 nusganyň ählisi eýýäm satyldy.

Maybach Exelero
700 at güýjüni berýän 6,0 litrlik V12 hereketlendirijisini alan 2005-nji ýylyň bu modeli Fulda tekerleriniň synagy üçin döredildi. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 4,4 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik – 351 km/sag. 2011-nji ýylda ony repçi Birdman 8 mln dollara satyn aldy.

Bugatti Centodieci
Bugatti Centodieci – EB110 modeline bagyşlandy. 1600 at güýjüni berýän 8,0 litrlik W16 bilen ol tizligini 2,4 sekuntda 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi 380 km/sag ýetýär. 9 mln dollar baha bilen bary-ýogy 10 nusga çykaryldy we şolaryň birine Kriştianu Ronaldu eýeçilik edýär.

Bugatti La Voiture Noire
2019-njy ýylda hödürlenen giperkaryň bahasy salgytlar bilen birlikde 18,7 mln dollara barabar. Onuň ady “Gara ulag” diýlip tejrime edilýär. 1500 a.g. 8,0 litrlik W16 hereketlendirijisini alan model brendiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Tizligini 2,5 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi aýdylmaýar.

Rolls-Royce Boat Tail
Rolls-Royce Boat Tail – taryhda iň gymmat awtomobil. Gürrüňlere görä, ady getirilmeýän är-aýal ýokary tizlikli gämileriň stilindäki alty metrlik bu kabriolet üçin 28 mln dollar töledi.
Onuň kuzowy elde ýasalan, bagaž ýerinde bolsa oturdylan holodilnik we galdyrylýan oturgyç bilen piknik ýeri bar. Kapotynyň aşagynda goşa turbinaly 6,75 litrlik V12 oturdyldy.


04.11.2025 18:48
4.6k+

Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi

Häzirki günde deňiz gatnawlary ähli ulag serişdeleriniň arasynda atmosferany esasy hapalaýjy çeşmeleriň biri bolup galýar. Gämileriň aglabasy häzirem dizel ýangyjyny ulanýar, ol bolsa ýanan wagty atmosfera diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem beýleki köp sanly hapalaýjy maddalary zyňýar...

28.10.2025 10:46
2.6k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

26.10.2025 18:21
4.8k+

Rolls-Royce altyn heýkelli eksklýuziw seriýa bilen Phantom-yň ýüzýyllygyny belledi

Rolls-Royce kompaniýasy Phantom modeliniň 100 ýyllygyna bagyşlap, sedanyň ýubileý wersiýasyny hödürledi. Centenary Private Collection atly seriýa bary-ýogy 25 nusga bilen çäklener. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu markanyň taryhynda iň çylşyrymly we tehnologiýa taýdan ösen wersiýa boldy...

10.10.2025 13:07
4.4k+

Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar...