Toyota 2025-nji ýylyň Land Cruiser 300-ni görkezdi

  • 25.03.2025 17:36
  • 14k+

Toyota 2025-nji ýylyň täzelenen «Land Cruiser 300» modelini hödürledi. Ulag ilki Awstraliýanyň bazaryna çykar. Satuwyň ýylyň ikinji çärýeginde başlamagyna garaşylýar. Esasy üýtgeşmeler – 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneliniň hem-de Apple CarPlay we Android Auto goldawy bolan täze multimediýa ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr diýip, «Drive» neşiri habar berýär.

Awtoulaga «howa arkaly täzelenme» (OTA) tehnologiýasyny goldaýan täze programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Howa dolandyryjy (klimat-kontrol) ulgamyndaky fiziki düwmeler täzeden peýda boldy. Emma multimediýa ulgamy bölekleýin sensorly görnüşe geçirildi – diňe ses derejesine we açyp-öçürmäge degişli düwmeler saklandy. CD/DVD pleýer aýryldy, onuň ýerine HDMI-port goşuldy.
Esasy görnüşler indi 7 dýuýmlyk sanly gurallar paneli bilen enjamlaşdyrylýar. Täze mümkinçilikleriň hatarynda kämilleşdirilen sürüji kömek ulgamlary, elektron dolandyryşly rul ulgamy, merkezi konsolda howa çalşygy hem-de gapylaryň açylmagy bilen baglanyşykly duýduryş ulgamy bar.





21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....