Casio özboluşly funksiýaly we stilli gma-p2100m gibrid sagatlar seriýasyny hödürledi

  • 26.03.2025 13:25
  • 3.1k+

Casio Ýewropada metal äheňli we giňeldilen funksiýaly gma-p2100m gibrid sagatlarynyň täze tapgyryny hödürledi.

Hatarda üç sany model bar: goýy gyrmyzy gma-p2100m-2a, gülgüne-altynsow gma-p2100m-4a we ak gma-p2100m-7a. Korpusy we sagatbagy rezinden, indeksleri bolsa gülgüne altynly metaldan ýasalan.
Sagadyň kiçeňräk sanly ekrany bar we 48 wagt guşaklygyny goldaýar. Wagt görkezişi 12 sagat we 24 sagat görnüşinde elýeterlidir. Sagat dillerini süýşürýän funksiýa gowy görünmegi üçin ekrany wagtlaýyn arassalaýar.
Ekrana hepdäniň tertibi, senesi, aýy we güni görkezilýär. 1/100 sekunt takyklygy bolan sekundomer, 24 sagatlyk taýmer we bäş sany oýadyjy gurlan. Goşa LED yşyklandyryş garaňkyda görmegi aňsatlaşdyrýar.
Modeller suw geçirmeýär we ony 200 metr çuňlukda hem ulanyp bolýar. Mundan hem başga, olar urga hem çydamly.
Batareýasynyň güýji üç ýyla ýetýär.
Bu sagatlary Casio-nyň Niderlandlardaky, Fransiýadaky we Ispaniýadaky onlaýn dükanlarynda 99,90 ýewro bahadan öňünden sargyt edip bolýar. Öňünden sargytlar Beýik Britaniýada Chrono24-de 94 funt sterling bahadan açyk. Beýleki ýurtlarda goýberiljek senesi entek belli däl.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......