Hindistanda iri altyn känleri tapyldy

  • 26.03.2025 12:55
  • 12k+

Hindistanyň gündogaryndaky Odişa ştatynda altyn känleri tapyldy. Bu barada Magdan senagaty ministri Bibhuti Bhuşan Jena ştatyň kanun çykaryjy mejlisinde yglan etdi diýip, Times Now gazeti habar berýär.

Odisha TV-niň berýän maglumatlaryna görä, iri altyn gorlary Sundargarh, Nabarangpur, Angul we Koraput sebitlerinden tapyldy. Şeýle-de, deslapky barlaglar Malkangiride, Sambalpurda we Baudhda ýataklaryň bardygyny tassyklaýar. Bu açyşlar Odişany Hindistanyň altyna baý sebitleriniň arasyna goşýar.
Maýurbhanj sebitiniň Jaşipur, Suriaguda, Ruansi, Idelkuça, Maredihi, Süleýpat we Badampahad etraplarynda geologiýa gözleg işleri dowam etdirilýär. Ondan öň Hindistanyň Geologiýa gözleg gullugy (GSI) tarapyndan mis känleri gözlenýärkä Deogarhyň Adasa-Rampalli sebitinden altyn ýataklary tapyldy.
Indi ştatyň hökümeti Deogarhda ilkinji altyn gazyp alýan blogyň auksionyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu Odişanyň mineral pudagy üçin taryhy tapgyrdyr.
GSI bilen Odisha Mining Corporation Keonjhar etrabynyň Gopur-Gazipur, Mankadçuan, Saleýkana we Dimirimunda sebitleriniň altyn gazyp almak mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirýärler. Tehniki komitetler önümçiligi täjirleşdirmäge başlamazdan ozal, gutarnykly hasabatlary gözden geçirerler.
Altynyň tapylmagy Odişanyň ykdysadyýetini ep-esli pugtalandyryp, maýa goýumlaryny özüne çekip, täze iş ýerlerini döredip biler. Ştat ýakyn wagtda Hindistanyň altyn gazyp alyş pudagynda möhüm orny eýeläp biler.


11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....